Internetde «Pari Sen-Žermen» toparynyň geljek möwsüm myhmançylyk duşuşyklarynda geýjek köýnekçesiniň suraty peýda boldy. Bu barada mail.ru «Footy Headlines» neşirine salgylanyp habar berýär. Myhmançylyk köýnekçesi Fransiýanyň baýdagynyň reňklerinde bolar. Ak köýnekçede gök we gyzyl reňklerde Eýfel diňiniň uly şekili ýerleşdiriler. Bu dizaýn Parižiň futbol toparynyň 1990/91-nji möwsümdäki myhmançylyk köýnekçesinden ylham alnyp taýýarlanyldy. «Qatar Airways» awiakompaniýasy indiki möwsümde hem «Pari Sen-Žermeniň» baş hemaýatkäri bolmagynda galar. Tehniki hemaýatkäri bolsa 1989-njy ýyldan bäri parižlileri köýnekçe toplumy bilen üpjün edýän Amerikanyň «Nike» kompaniýasy bolar. «PSŽ» Fransiýanyň Liga 1 çempionatynda birinji orunda barýar, ikinji orundaky «Nissa» ondan bäş utuk yzadyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir