“Tagtlaryň oýny” serialynda Deýneris Targarieniň keşbi bilen belli bolan Emiliýa Klark we onuň ejesi Jennifer “SameYou” haýyr-sahawat guramasynyň döredilendigi üçin Britaniýa imperiýasynyň ordeniniň kawalerleri boldular. Döwlet baýragynyň laureatlarynyň sanawy hökümet saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada rbc.ru habar berýär. “SameYou” (terjime edilende “şol bir siz”) kelle-beýni şikeslerini başdan geçiren adamlara kömek berýän haýyr-sahawat guramasydyr. Onuň döredijileri hatda şeýle başdangeçirmeden soň hem adamyň öňküsi ýaly bolup galýandygyny düşündirmek isleýärler. Emiliýa Klark 37 ýaşynda. Ol “Terminator: Genezis”, “Seniň bilen ýene görüşýänçäk””, “Han Solo: Ýyldyz söweşijileri: Waka” ýaly filmlerde hem surata düşdi. 2019-njy ýylda “Time” žurnaly ony dünýäniň iň abraýly 100 adamynyň biri diýip atlandyrdy. Emiliýa Klark “Tagtlaryň oýny” serialynyň üstünde işlenilýän wagty iki gezek beýnä gan inmesini başdan geçirdi, ýöne surata düşmekden ýüz öwürmedi. Adatça, Britaniýanyň döwlet baýraklarynyň laureatlarynyň sanawy ýylda iki gezek – Täze ýyldan öň we iýunda, monarhyň resmi doglan gününiň bellenilýän wagty neşir edilýär. Neşir edilen resminamada jemi 1,2 müňden gowrak adam bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir