Gar barsy Gyrgyzystanyň milli nyşany boldy, degişli Permana Prezident Sadyr Žaparow gol çekdi. «Gadymy gyrgyz halkynyň medeniýetinde gar barsy beýikligi, asyllylygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy we çydamlylygy alamatlandyrýardy. Şonuň üçin rowaýatlara görä, bars beýik Manasyň totem haýwanydy» diýip, Prezidentiň metbugat gullugy habar berýär. «Manas» gyrgyz halk döredijiliginiň epiki eseri bolup, pälwan Manasyň gahrymançylyklary barada gürrüň berýär. Epos ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň dilüsti we maddy däl medeni mirasynyň ajaýyp eserleriniň sanawyna, şeýle hem dünýäniň iň göwrümli eposy hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Gar barsy 12 ýurtda seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüş derejesine eýedir. Onuň ýaşaýan çägi Merkezi Aziýanyň daglaryndan başlap, günortada Tibete we demirgazykda Altaýa çenli uzaýar. Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetine gar barslarynyň sanyny, şeýle hem onuň Respublikadaky ekoulgamyny goramak üçin çäreleri görmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir