Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor sosial ulgamlarda täze wideo ýerleşdirip, onda özüniň amerikaly Maýkl Çendler bilen söweşjekdigini yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Irlandiýaly söweşijiniň aýtmagyna görä, olaryň söweşi 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC ýaryşynda bolar. Konor Makgregor bilen Maýkl Çendleriň arasyndaky söweşi ilkibaşda 2023-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne Makgregor USADA-nyň barlag sanawyna wagtynda girmedi, şol sebäpli olaryň söweşi yglan edilmedi. Ýatlap geçsek, Makgregor 2013-nji ýylda UFC-niň söweşijisi boldy. Ol garyşyk başa-baş söweşlerde jemi 28 söweş geçirip, 22 ýeňiş gazandy we alty ýeňlişe sezewar boldy. Türgen 2021-nji ýylyň tomsundaky ýeňlişden soň oktagona çykmady. Şonda ol UFC 264 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýe bilen duşuşdy. Söweşiň netijesinde Konoryň aýagy döwüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir