Snup Dog ady bilen tanalýan amerikaly repçi we aktýor Kelwin Kordozar Brodus-junior Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda «NBC» teleýaýlymynyň habarçysy hökmünde işlär. Bu barada teleýaýlymyň metbugat gullugy habar berýär. 52 ýaşly repçiniň alypbaryjy Maýk Tiriko bilen göni ýaýlymlara gatnaşmagy, Pariždäki ýaryşlara hem-de gözel ýerlere baryp görmegi, şeýle hem türgenler we olaryň maşgalalary bilen söhbetdeşlik guramagy göz öňünde tutulýar. Snup Dogyň reportažy göni ýaýlymda «NBC» we «Peacock» teleýaýlymlarynda görkeziler. Snup Dog eýýäm 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda «Peacock» bilen hyzmatdaşlyk edipdi. Ol alypbaryjy Kewin Hart bilen bilelikde çykyş etdi. Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir