Angliýanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Ueýn Runi “Birmingem Sitiniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada Championship-iň toparynyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda “Birmingem” Runi bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda topar 15 oýunda 2 ýeňiş gazanyp, 9 ýeňlişe sezewar boldy. Habar berlişi ýaly, klubuň baş tälimçisi wezipesini professional ösüş boýunça tälimçi Stiw Spuner wagtlaýyn ýerine ýetirer. “Netijeler ilkibaşda garaşylyşy ýaly bolmady. Geňeş tälimçiniň çalşylmagynyň klubuň bähbidine boljakdygyna ynanýar. Gynansak-da, nämedir bir zad-a tersine gitdi. Biz başga bir ugur boýunça hereket etmek kararyna geldik. Onuň yzyny dowam etjek tälimçini gözlemek işi haýal etmän başlaýar. Biz täzelikler bolan ýagdaýynda janköýerlere habar bereris” – diýlip, habarda aýdylýar. Runi 38 ýaşynda, öň ol “Derbi Kaunti” toparyna-da ýolbaşçylyk etdi. Oýunçy hökmünde Angliýanyň “Ewerton” we “Mançester Ýunaýted” toparlarynda çykyş etdi. Runi mankunianlylaryň taryhynda iň gowy bombardir hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir