2023-nji ýyl emeli aňyň ýyly boldy we uly tehnologiýa kompaniýalarynyň hiç biri hem Microsoft ýaly bu ugurda zähmet çekmedi. Geçen ýyl kompaniýanyň baş direktory Satýa Nadella emeli aň üçin milliardlarça dollarlyk maýa goýdy, ChatGPT ýaly emeli aň gurallaryny bäsdeşlerinden öň täjirleşdirip, öz önüm toplumyna goşdy we pudak synçylaryny çökgünlikden çalt, asuda we oýlanyşykly baş çykarmak ukyby bilen haýran galdyrdy. Satýa Nadellanyň ýolbaşçylygynda kompaniýa Windows-yň köpýyllyk üstünliginden soň ýene tehnologiýa täzelikçisine öwrülýär. Şu ýyl Microsoft-yň paýnamalary hem 55% ýokarlandy. Hut şonuň üçin CNN Business saýtynyň işgärleri Nadellany ýylyň baş direktory hökmünde saýladylar. Ol bu bäsleşikde Chase-iň baş direktory Jeými Daýmon, OpenAI-niň baş direktory Sem Altman we Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang ýaly bäsdeşlerden öňe geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir