Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet bergisiniň mukdary 34 trln dollardan geçdi. Bu ýurduň Maliýe ministrliginiň statistiki maglumatlaryndan gelip çykýar. Jedwelde 1993-nji ýyldan başlap maglumatlar göz öňünde tutulýar. 29-njy dekabra çenli (iň soňky maglumatlar) ýurduň umumy döwlet bergisi $34 trln 1 mlrd 493 mln barabar boldy. Bir gün öň ol 33,91 trln dollar diýlip çaklanyldy. Döwlet bergisiniň 33 trln dollar bolan öňki rekord mukdary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda hasaba alnypdy. ABŞ-nyň döwlet bergisi federal hökümetiň karz berijileriň öňündäki bergisiniň mukdarydyr: karz berijiler hökmünde hem şahsy adamlar, mysal üçin, raýatlar ýa-da daşary ýurt maýadarlary, şeýle-de döwletler ýa-da uly gaznalar çykyş edip biler. Waşington eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän býujet ýetmezçiligini ýapmak üçin serişde karz alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir