Gazagystanda daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgydy (bed tax) ýatyryldy. Bu barada respublikanyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Üýtgeşmeler şu ýylyň 9-njy ýanwaryndan güýje girýär. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň syýahatçylyk we sport wise-ministri Eržan Erkinbaýew daşary ýurtlulardan syýahatçylyk salgydyny almagyň togtadyljakdygyny aýtdy. “Şu güne çenli ýurtda bed tax girizileni bäri, takmynan, 500 mln tenge ýygnalandygyna garamazdan, bed tax hereketini togtatmak kararyna gelindi. Häzir örän gysga möhletde buýruga üýtgetmeler girizildi. Bed tax ýa-da syýahatçylyk salgydy togtadylar” – diýip, Erkinbaýew metbugat maslahatynda aýtdy. Ol bu tölegiň hem içerki biznes, hem gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin käbir oňaýsyzlyklary döredýändigini belledi. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Gazagystanda bed tax – daşary ýurtly myhmanlar üçin hökmany syýahatçylyk salgydy girizildi. Bu töleg 2022-nji ýylda alynmady, 2023-nji ýylyň başynda bolsa ýurtda ýaşaýyş bahasyndan 1%-den 5%-e çenli möçberde tölegler kesgitlendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir