“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň işgärleri 2023-nji ýylyň jemi boýunça, takmynan, 10 mlrd 900 mln kub metr mawy ýangyç gazyp aldylar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär. Müdirligiň hünärmenleri tebigy gazy öndürmek boýunça meýilnamany noýabr aýynyň ahyryna çenli möhletinden ir ýerine ýetirdiler, gazylyp alnan çig malyň göwrümi bolsa 9 mlrd 875 mln 120 müň kub metr boldy. Bellenilişi ýaly, şeýle netijeler guýularyň öndürijiliginiň ýokarlanmagy we ähli bölekleriň sazlaşykly işlemegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki günde “Malaý” gaz ýatagynda 91 guýy işleýär. Müdirlikde ýylyň dowamynda bir günde ortaça otuz million kub metrden gowrak tebigy gaz öndürildi. Bu kärhanalary, edaralary we ilaty arzan ýangyç bilen üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Gazylyp alnan gazyň bir bölegi Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen Hytaýa eksport edilýär. Şol bir wagtyň özünde, Naýypda we Gazojakda suwuklandyrylan tebigy gazy kabul etmek we saklamak boýunça terminallary düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerden önüm içerki we daşary ýurtly sarp edijilere iberilýär. Düýpli abatlaýyş bu ýangyjyň önümçilik möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir