ABŞ-nyň Oklahoma ştatyndan 13 ýaşly Uillis Gibson “Tetris” wideo oýunlarynyň soňky derejesini tamamlan taryhda ilkinji adam boldy. BBC habarlar gullugynyň habaryna görä, ozal muny diňe emeli aň edip bilýärdi. Sowet inženeri Alekseý Požitnow tarapyndan 40 ýyl ozal döredilen bu oýny 157-nji derejä çenli geçip bolýar. Oklahomaly okuwçy hut şonça derejäni tamamlandy. Ol oýnuň 157-nji derejesine ýeten pursadyny YouTube kanalynda ýerleşdirdi, şondan soň oýun ýalňyşlyk bar diýip görkezýär we doňýar. Oýnuň ähli derejelerini tamamlamak üçin Uillise 38 minut ýeterlik boldy. Oýnuň düýp manysy: oýunçy ýokardan gaçýan “gurluşyk bloklaryny” keseligine hatara düzmeli. Arasy boşluksyz hatar düzülen badyna, ýitýär, şoňa bal berilýär. Öňki professional oýunçylar diňe gipertapping diýlip atlandyrylýan usuly ulanyp, “Tetrisde” 30-njy derejä ýetip bilýärdiler. Ol dolandyryjy düwmelerini ep-esli ýokary tizlikde basmaga mümkinçilik berýär. “Tetris” SSSR-de oýlanyp tapylandan bäş ýyl soň bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. 1989-njy ýylda oýun Nintendo platformalarynda, şol sanda göçme Game Boy-da çykdy. Häzirki wagtda ol pristawkalarda, kompýuterlerde, planşetlerde we ykjam telefonlarda elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir