«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ine ýerine ýetiriljek gatnawa uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. «Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli, diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ine ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir