Gazagystan 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär diýip, “Habar 24” habar berýär. Respublikanyň başlyklygy üç ýyl dowam eder we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şol döwür üçin Gaznanyň prezidentligine saýlandy. Türkmenistany, Täjigistany we Özbegistany hem öz içine alýan bu gazna Araly halas etmäge we umuman, sebitdäki daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Gazagystanyň hökümeti Bütindünýä banky bilen bilelikde Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna başlamagy meýilleşdirýärler diýip, Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nurjan Nurjigitow habar berdi. Resmi ýolbaşçynyň sözlerine görä, bu wezipäni diňe Gaznanyň ähli gatnaşyjy ýurtlarynyň tagallalaryny jemlemek bilen amala aşyryp bolar. Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň öňki başlygy 2020-2023-nji ýyllarda Täjigistan bolup, ondan ozal (2017-2019-njy ýyllarda) Gazna Türkmenistan ýolbaşçylyk edipdi. Guramada başlyklyk üç ýyldan bir gezek aýlaw edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir