Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi. Bu uçar ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasyndan «Boenig 777-300 ER» kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämilerini satyn almak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabada getirilen ikinji uçardyr. Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabada getirilipdi. Ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom we 296-sy bolsa ekonom-klasa degişlidir. 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir