Türkmenistanda 1. 3 — 10-njy ýanwarda Türkmenistanda 2024/2025-nji okuw ýy­ly üçin Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň we Weng­ri­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça bilim almak üçin resminamalary kabul etmek işi­ geçiriler.Ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär ýa-da ýokary bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär. Hünärleriň sanawy, ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem Hytaýda we Wengriýada okuwyň hem-de ýaşaýşyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar. 2. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi. Onuň bellemegine görä, 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, özara hormat goýmak, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürildi. Ol üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda aýratyn durup geçdi. 3. «Turkmenportal» saýtynda meşhur türkmen wäşileriniň gatnaşmaklarynda «Ýüzüň gülkünç» atly täze sketç-şouň birinji bölümi çykdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Ýegendurdyýew we Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow özleriniň meşhur Hoja Hojaýew hem-de Aşyň däde keşplerine gaýdyp geldiler. «Turkmenportal-da» sketç-şouň birinji bölümi 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda agşam çykdy we üç günde oňa 15 müňden gowrak tomaşa edildi. Bu bölüme aşakdaky salgyda tomaşa edip bilersiňiz. 4. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim edaralarynda elektron we uzak aralyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň tertibini tassyklady. Täze tertip bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň bilim edaralarynda häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň ulanylmagyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi. 5. Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli däp bolan teatr çykyşlary başlandy. Baýramçylyk spektakllary we çykyşlary 10-njy ýanwara çenli her gün geçiriler. 6. Türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Ýerewan döwlet uniwersiteti gündogary öwreniş fakultetiniň binýadynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Türkmenistanyň türkmen dili, taryhy we medeniýeti merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň müdiri professor Aleksandr Safarýanyň habar berşi ýaly, täze merkez türkmen halkynyň öwrenilmegine hem-de ermeni we türkmen ýazyjylarynyň arabaglanyşygyny güýçlendirmäge itergi berer. 7. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurduň telekeçilerine 2023-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlarynyň tölenilmelidigini ýatladyp ýüzlendi. Dünýäde 8. Ýaponiýanyň Isikawa prefekturasynda bolup geçen güýçli ýertitremeleriň netijesinde aradan çykanlaryň sany 55 adama ýetdi. 100-den gowrak adam ejir çekdi. 7,6 magnitudaly iň weýrançylykly ýertitreme 1-nji ýanwarda Noto ýarymadasynda bolup geçdi. Ol 1885-nji ýyldan bäri bu sebitde iň güýçli ýertitreme boldy. Ýerasty sarsgynlaryň netijesinde binalar ýykyldy, otlularyň gatnawy saklandy. 32 müň öý elektriksiz galdy. Şeýle hem suw üpjünçiligi we aragatnaşyk kesildi, ýollara zeper ýetdi. 9. Meşhur amerikaly repçi Snup Dogg 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýörite habarçy hökmünde «NBC» teleýaýlymynyň toparyna goşular. Aýdymçynyň wezipe borçlary sport wakalaryny beýan etmegi, tomaşaçylary Fransiýanyň paýtagtynyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmagy we türgenler bilen söhbetdeşlik guramagy öz içine alýar. Sport habarlary 10. Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 2024-nji ýyla üstünlikli başlady. 32 ýaşly futbolçy topary bilen täze ýyldaky ilkinji kubogyna ― Gonkongyň Premýer-ligasynyň kubogyna mynasyp boldy. Final duşuşygynda «Kitçi» «Li Man» toparyny 11 metrlik jerime urgulary tapgyrynyň netijesinde 5:4 hasabynda ýeňdi. Esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlanan duşuşykda Ruslan Mingazow bir pökgi bilen tapawutlanmagy başardy. 11. Futbol boýunça Aziýa Kubogy 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 10-njy fewraly aralygynda Katarda geçiriler. Ýaryşa 24 milli ýygyndy gatnaşar. Toparçalaýyn tapgyryň netijelerine görä, pleý-off tapgyryna her toparçadan iň gowy 2 topar, şeýle hem üçünji orny eýelän 4 ýygyndy çykar. Oýunlar 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul eden 6 stadiony hem öz içine alýan 8 stadionda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir