Kikboksing boýunça halkara assosiasiýa 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň geçiriljek ýerini kesgitledi. Dünýäniň iň güýçli kikboksingçileri bu ýyl Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýygnanarlar. Dünýä çempionatyny 24 ― 29-njy sentýabr aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň özbek paýtagtyndaky haýsy sport toplumynda geçiriljekdigi barada biraz soňrak habar berler. Kikboksing boýunça dünýä çempionaty 2023-nji ýylda Portugaliýada geçirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir