Aziýanyň Futbol konfederasiýasy we Kelme kompaniýasy 12-nji ýanwar ― 10-njy fewral aralygynda Katarda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň resmi pökgüsi bilen tanyşdyrdy. Pökgi VORTEVAC23+ diýlip atlandyrylýar. Aziýanyň kubogynyň duşuşyklary Kataryň 8 stadionynda geçiriler. Yklym ýaryşynyň açylyş duşuşygy 12-nji ýanwar güni «Al-Baýt» stadionynda Kataryň we Liwanyň ýygyndylarynyň arasynda bolar. Bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 23-de başlanmagyna garaşylýar. Ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 12 ― 25-nji ýanwar aralygynda, 1/8 finallar 28 ― 31-nji ýanwarda, çärýek final duşuşyklary 2-nji we 3-nji fewralda, ýarym finallar 6-njy we 7-nji fewralda, final bolsa 10-njy fewralda geçiriler. Aziýanyň kubogy ― 2024-iň toparçalary: «A» toparça: Katar, Hytaý, Täjigistan, Liwan; «B» toparça: Özbegistan, Awstraliýa, Siriýa, Hindistan; «C» toparça: Eýran, BAE, Gonkong, Palestina; «D» toparça: Ýaponiýa, Indoneziýa, Yrak, Wýetnam; «E» toparça: Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Iordaniýa, Bahreýn; «F» toparça: Saud Arabystany, Tailand, Gyrgyzystan, Oman.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir