Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 25 million 117 müň dollaryndan gowrak boldy. Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen karbamidi satn aldylar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, dürli görnüşli dokma önümleri, nah matalar we ýüplükler ýerlenildi. Ýerli işewürler içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 11 million 505 müň manatdan gowrak bolan nebit bitumyny, elde dokalan halylary, nah ýüplügi we çig ýüpegi satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir