Türkiýe Russiýa ýumurtganyň 316 800 birlikden ybarat bolan ilkinji tapgyryny (19,36 tonna) iberdi diýip, Russiýanyň Oba hojalyk önümlerine gözegçilik edarasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Russiýanyň Oba hojalyk önümlerine gözegçilik edarasy öň Türkiýäniň kärhanalarynyň 21-sine ýurda ýumurtga getirmäge rugsat beripdi. RF 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap towuk ýumurtgasynyň her tapgyrda 1,2 mlrd sany birlige çenli getirilmegine salgydy ýatyrdy. Bu düzgün 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder. Rosstat edarasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabrynda ýurtda towuk ýumurtgasy 15,1 göterim, şol ýylyň başyndan bäri 35,5 göterim, ýyllyk aňladylmada 40,3 göterim gymmatlady. eri gelende aýtsak, Russiýa geçen dekabrda Azerbaýjandan hem towuk ýumurtgasynyň 72 tonnasy iberildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir