«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Mary welaýatynyň çägindäki «Ýylan» gaz känindäki 02 belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymyny aldylar. Täze gaz akymynyň alynmagy Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp zähmet sowgady boldy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary şu ulanyş, baha beriş gaz guýusynda tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini 2875 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de baý iş tejribesi arkaly, agzalan guýudan 2856 — 2852 metr çuňlukdaky aralykdan deşik-deşme işlerini geçirip, tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli täze akymyny aldylar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, guýynyň her gije-gündizdäki gaz çykymy 821 müň kub metre barabardyr. Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» iň esasy aýratynlygydyr. Ol tebigy gazyň hili babatynda dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyny şertlendirýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir