2022-nji ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň awgusty aralygynda Fransiýanyň azyk dükanlarynda harytlar 17,9 göterim gymmatlady. Bu barada ýurduň «Insee» statistika edarasyna salgylanýan «La Dépêche» neşiri habar berdi. Seljerijileriň hasaplamalaryna görä, ählisinden hem çörek, et we süýt gymmatlady. Fransiýanyň iri üpjün edijileri azyk harytlaryny öndürijileriň nyrhlary ýokarlandyrmagy talap edýändiklerini habar berdiler. «E.Leclerc» gipermarketler zynjyrynyň eýesi Mişel-Eduard Lekleriň aýtmagyna görä, golaý wagtda azyk harytlary ýene 6-8 göterim gymmatlap biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir