Ofis kärendesine almakçymy, ýa bolmasa öý satmak, iş tapmak, maşyn satyn almak isleýärsiňizmi? Aýterek ykjam goşundysy bilen bu we beýleki meseleleriň ählisini ýönekeýleşdiriň. «Aýterek» — bu harytlary we hyzmatlary gözlemekde ýa-da satmakda ygtybarly kömekçi. Internet-meýdançanyň sahypalarynda dürli kategoriýalarda müňlerçe mahabatlar jemlenen. Olardan elektronika we hojalyk tehnikalaryny, gurluşyk materiallaryny, öý, çagalar we sport harytlaryny, şeýle hem gozgalmaýan emläkleri, iş we hyzmatlar baradaky bildirişleri bellemek bolar. «Aýterek» goşundysyndaky oýlanyşykly düzülen nawigasiýa ulgamy isleg bildirilýän önümleriň toparyny çalt we aňsatlyk bilen tapmaga mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir