BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen ulag arabaglanyşygy we energiýa birikmesi hakyndaky Kararnamalary Guramanyň resmi web sahypasynda alty dilde çap edip ýerleşdirdi diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär. «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama 2026 — 2035-nji ýyllary Durnukly ulag onýyllygy hökmünde yglan edýär we bu ugurda halkara gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrýar. Öz gezeginde, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama halkara jemgyýetçiligiň energiýa çökgünligini ýeňip geçmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Ol serhetaşa energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmegi we 2026-njy ýylda Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça forum geçirmegi göz öňünde tutýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir