«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy «Rowachpack» haryt nyşanly ýokary hilli polipropilen gaplama gutulary, şol sanda haltalar, gaplama torbalary we big-begler (uly torbalar) bilen daşarky bazarlary jogapkär hem-de ygtybarly üpjün ediji hökmünde özüni tanatdy. Önümleriň ýerlenilýän ugurlarynyň artdyrylmagy, esasan, kärhananyň çeýe marketing syýasaty we onuň dürli pudaklarda ulanylýan önümini sarp edijiniň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga taýynlygy bilen baglanyşyklydyr. «Rowachlan Galkynysh» önümini müşderiniň isleglerine laýyklykda şahsylaşdyrmak bilen, dürli ululykdaky ýokary hilli gaplama önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, adaty däl ýükler üçin hususy taslamalar boýunça polipropilen haltalary çykarýar. «Rowachlan Galkynysh» kompaniýasynyň wekilleri bilen (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69 telefon belgileri ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir