Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär, Türkmenistanyň ýaşaýjysy 116 ýaşyny belledi, Belarus Türkmenistanyň raýatlaryna okuw wizalaryny bermegiň tertibine täzeden garady we beýleki habarlar Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanyna jan saglyk we bagtyýarlyk, tutuş türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärler. Dmitriý Medwedew öz gutlagynda 2023-nji ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanandygyny belleýär. Kaha Imnadze BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işine uly goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi. Kubanyçbek Omuraliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, türki dünýäniň çäklerinde ykdysady ösüşi gazanmak we medeni gatnaşyklary giňeltmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini nygtady. 2. Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 116 ýaşyny belledi. Onuň doglan güni pasportynda resmi taýdan «1-nji ýanwar» diýlip görkezilýär, şonuň üçin-de, ol ýaş toýuny Täze ýyl bilen bilelikde belleýär. Şol gün uzak ýaşly enäni gutlamak üçin onuň köp sanly garyndaşlary ýygnanýarlar. Bu ýyl baýramçylyga onuň çagalary, 43 sany agtygy, 96 sany çowlugy we 8 sany ýuwlugy geldi. 3. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Belarusda okamaga gelýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi. Indi belorus ýokary okuw mekdeplerine girýän Türkmenistanyň raýatlary Respublikanyň Salgyt kodeksine laýyklykda, wiza üçin konsullyk tölegini tölemeli bolarlar. Şol bir wagtyň özünde, Belarusda eýýäm okaýan türkmenistanly talyplara we belorus ýokary okuw mekdeplerine kabul edilen raýatlara olaryň statusyny tassyklaýan uniwersitetiň şahadatnamasy görkezilen ýagdaýynda ozalkylary ýaly mugt okuw wizalary berler. 4. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-da ýokary synp mekdep okuwçylary – ýokary okuw mekdebiniň Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşigine gatnaşyjylar üçin «Gajarlar döwletiniň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» atly umumy sapak guralar. Umumy sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy Toýly Hommyýew geçer. Ýurduň welaýatlaryndan ýokary synp mekdep okuwçylary umumy sapaga sanly ulgam arkaly gatnaşyp bilerler. Dünýäde 5. Gazagystanyň Hökümeti 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereketde bolan daşary ýurtlular üçin hökmany syýahatçylyk salgydyny ýatyrdy. Gazagystanyň syýahatçylyk we sport ministriniň 2023-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky Buýrugy esasynda daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgydyny tölemegiň kadalaryna degişli üýtgeşmeler girizildi. Üýtgeşmeler 2024-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan güýje girýär. «Bed tax» daşary ýurtlulardan myhmanhanada bolmagyň her güni üçin alynýardy. Ýurduň dürli sebitlerinde salgydyň mukdary myhmanhana otaglarynyň bahasynyň 1%-den 5%-ine çenli üýtgeýärdi. 6. ABŞ-ly 13 ýaşly geýmer Willis Gibson «Tetris» oýnuny 1988-nji ýyldaky oýun enjamynda tamamlan ilkinji adam boldy. Ol utuklaryň umumy sany, gazanylan dereje we çykarylan setirleriň sany boýunça ähli dünýä rekordlaryny täzeledi. Oýuny tamamlamak üçin Willise 38 minut gerek boldy. Oýun diňe doňdy, bu bolsa oýnuň bu nusgasynyň soňuny aňladýar. Sport habarlary 7. «Pari Sen-Žermen» futbol topary «Tuluzany» 2:0 hasabynda ýeňip, Fransiýanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy. Duşuşyk Pariž şäherindäki «Park de Prens» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň eýýäm 3-nji minudynda ýarym goragçy Li Kan In hasaby açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda bolsa hüjümçi Kilian Mbappe tapawudy 2-ä çykardy. Topar Fransiýanyň Naýbaşy kubogyna 12-nji gezek mynasyp boldy. Munuň özi Fransiýanyň rekordydyr. Parižlilerden soň bu ýaryşda «Lion» bu kubogy 8 gezek gazanypdy. 8. Aziýanyň futbol konfederasiýasy we «Kelme» kompaniýasy 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 10-njy fewraly aralygynda Katarda geçiriljek futbol boýunça Aziýa kubogynyň finalynyň resmi topuny tanyşdyrdylar. Ýeri gelende bellesek, Aziýa kubogynyň duşuşyklary Kataryň 8 stadionynda geçiriler. Açylyş duşuşygy 12-nji ýanwarda «Al-Baýt» stadionynda ýaryşyň ýer eýeleri bilen Liwanyň milli ýygyndysynyň arasynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir