«Arkadag» futbol toparynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew geçen möwsümi özüniň futbol ýolundaky iň netijeli möwsümi hasaplaýar. Bu barada ol türkmen metbugatynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy. Munuň üçin ol tälimçilerine we topardaşlaryna hoşal. Didar Durdyýew 2023-nji ýylda «Arkadag» toparynyň düzüminde resmi duşuşyklarda 35 gezek tapawutlandy. Ol 27 gol bilen Türkmenistanyň çempionatynyň, 8 gol bilen Kubok ýaryşynyň iň netijeli futbolçysy boldy. Didar Durdyýewiň geçen möwsümde «Arkadag» futbol topary bilen agzalan ýaryşlaryň ikisinde-de Kuboga mynasyp bolandygyny ýatladýarys. Indi ol toparynyň ikinji möwsümdäki üstünliklerine goşant goşmaga taýýarlanýar. Geçen möwsümdäki üstünlikler «Arkadag» futbol toparyna AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. AFK-nyň klublaýyn reýtinginiň Günbatar sebitinde 12-nji orny eýeleýän Türkmenistan ýokarda agzalan yklym ýaryşyna saýlama tapgyrdan gatnaşar. Ýurda wekilçilik eden topar bu tapgyrdan üstünlikli geçse, toparçalarda ýaryşyp biler. Türkmen toparlary yklym ýaryşlaryna gatnaşmak üçin AFK-dan ýörite ygtyýarnamalary almaly bolarlar. «Wikipedia» erkin ensiklopediýasy Türkmenistanyň çempiony hökmünde «Arkadag» futbol toparyny AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama tapgyryna, Kubok ýaryşynyň finalçysy hökmünde bolsa «Ahaly» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (üçünji derejeli ýaryş) toparçalaýyn tapgyryna gatnaşjak toparlar hökmünde görkezýär. Ýöne gutarnykly habary toparlar degişli ygtyýarnamalary alansoň berip bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir