Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginde geçen ýylyň dowamynda magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 600 müň 717 kub metri öndürilip, bellenilen meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» welaýat neşiri habar berdi. Maliýe görkezijileri boýunça degişli döwürde 16 million 095 müň 285 manatlyk iş ýerine ýetirilip, meýilnama 102,5 göterim amala aşyryldy. Bu ýerde, esasan-da, 5-20 millimetr ululykdaky çagyl daşlary, üwelen we ýuwlan ownuk çagyl daşlary taýýarlanylýar. Geçen döwürde müdirligiň işgärleri tarapyndan çagyl daşynyň 224 müň 460 kub metri, ýuwlan çägäniň 294 müň 130 kub metri, but daşynyň 82 müň 130 kub metri öndürildi. «Önümçilik kärhanasynda oturdylan kuwwatly enjamlar, şeýle-de bar bolan kämil tehnikalar öndürijilikli işiň ýola goýulmagyna ýardam berýär. Ýaňy-ýakynda müdirlige ýük göterijileriň 3-si gelip gowuşdy. Häzirki günlerde kuwwatly tehnikalar doly güýjünde işledilýär. Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen XCMG ZL50GN kysymly bu tehnikalaryň ýük göterijiligi 5 tonna deň bolup, susgujynyň göwrümi 3 kub metre barabardyr. Ýük göterijileriň hereketlendirijileriniň güýji 220 at güýjüne deň bolup, ýokary iş öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Kuwwatly tehnikalar arkaly senagat kärhanasynyň önümçilik görkezijileriniň artdyrylmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar» diýlip, habarda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginde öndürilýän gurluşyk serişdeleri Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan dürli desgalarda giňden ulanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir