«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 aýynda 3 million tonnadan gowrak nebit gazylyp alyndy we bu babatdaky meýilnama 111 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi. Şeýle ýokary üstünliklere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň zähmet toparlary has saldamly goşant goşdular. «Türkmennebit» döwlet konserniniň burawlaýjylarynyň hem alynýan nebitiň möçberleriniň artdyrylmagynda mynasyp paýlary bar. Olaryň şu ýylyň geçen 11 aýynyň jemi boýunça gazan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 152 müň metrden gowrak boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 12 müň metr köpdür. «Geçen döwürde gazuw işleri üstünlikli tamamlanan 34 sany guýynyň 30-synyň ulanyş maksatly guýulardygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ugurda konserniň Günbatar sebitdäki Nebitdag, Goturdepe, Körpeje, Ekerem buraw işleri müdirlikleriniň burawlaýjylary has tapawutlanmagy başardylar» diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir