Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýetip gelýän 2024-nji ýyly ýurtda Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly diýlip yglan etmek barada karara gol çekdi. Çözgüt howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi. Resminama laýyklykda, Prezidentiň edarasy bir aýyň dowamynda çäreleriň meýilnamasy barada teklipleri taýýarlamaly bolar. Azerbaýjanyň döwlet Baştutanynyň kararynda ýurduň howanyň üýtgemegine garşy tagallalara öz goşandyny goşýandygy nygtalýar. Bu ugurda daşky gurşawy bagy-bossanlyga öwürmek, şeýle-de suwy tygşytly ulanmak babatda degişli işler alnyp barylýar diýlip, «MIR 24» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir