Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýa gatançlarynyň tölenilmelidigini ýatladýar. Degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Onda şeýle diýilýär: «Hormatly telekeçiler! Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny ýatladyp, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda pensiýa gatançlarynyň tölenilmegini haýyş edýär».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir