Daniýanyň Şa aýaly Margrete II özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda, 52 ýyl ýurdy dolandyrandan soňra, tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi. Ýüzlenmäniň teksti Patyşa köşgüniň saýtynda çap edildi. Şa aýalyň pikiriçe, jogapkärçiligi geljek nesle geçirmegiň wagty geldi. Bu barada «News.ru» ýazýar. «2023-nji ýylyň fewralynda meniň arkamda bejergi aldym, ählisi men barada alada eden lukmanlaryň yhlasy bilen oňat geçdi. Emma operasiýa meni geljek barada oýlanmalara iterdi, men jogapkärçiligi geljek nesillere geçirmek barada netijä geldim. 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda täji oglum Frederige geçirmeli diýen karara geldim» diýip, Şa aýaly aýtdy. Margrete II tagta 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kakasy patyşa Frederik IX aradan çykandan soň geçdi. Ol Ýewropanyň häzirki monarhlarynyň arasynda iň uzak wagtlap tagt eýesi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir