2024-nji ýylyň ilkinji pursatlarynda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde täze ýylda ýurt boýunça ilkinji bäbek dünýä indi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ýurtda täze ýyldaky ilkinji bäbek Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular. Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly. Çaga we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär. Yzgantly Kakageldiýewler täze ýylyň ilkinji pursatlarynda öz maşgalalarynda ogul perzendiň dünýä inmegini döwletliligiň, rowaçlygyň, sagdynlygyň we dowamat-dowamlylygyň nyşany hasaplaýarlar. Şatlykly waka mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bagtyýar maşgala iberen ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, gutlaglar aýdyldy. Çagajygyň ata-enesi, 8 we 6 ýaşyndaky beýleki iki oguljyklary bilen birlikde, täze doglan üçünji perzentlerini-de Watana wepaly, il-güne gerekli adam edip ýetişdirmek ugrunda terbiýelejekdiklerini aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir