Russiýa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek nobatyny aldy. Geçen 2023-nji ýylda gurama Gyrgyzystan başlyklyk etdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň bu ýylda guramanyň çäklerinde özara hasaplaşyklarda milli pullara geçmegi işjeňleşdirmegi dowam etmäge bil baglaýandygyny, Arkalaşygyň ýurtlary bilen terrorçylyga we ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy bilelikdäki göreşiň möhümdigini nygtady. Mundan başga-da, RF medeni-gumanitar gatnaşyklary, saglygy goraýyş, ylym, bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ähmiýet berer. Şu ýyl Russiýa BRIKS halkara guramasynda-da başlyklyk edýär. 2024-nji ýylda gurama ýene bäş sany täze agzanyň – Müsüriň, Efiopiýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň goşulmagyna garaşylýar diýip, «Eadaily.com» habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir