Dalaý-lama XIV özüniň Täze ýyl gutlagynda özgelere ýagşylyk etmegiň adamy bagtly edýändigi, şeýle hem özüňde duýgudaşlyk we içki barlyşma duýgusyny terbiýelemek barada öwütlerini paýlaşdy, hut içki dünýäňde bar bolan çagynda dünýäde rahatlygy gazanmak mümkindir. Bu barada «RIA Nowosti» habar berýär. Dalaý-lama adamlaryň halas bolmak üçin birek-biregi goldanyşmagyň, birek-birek üçin zähmet çekmegiň gerekdigini nygtady. Eger kömek etmäge mümkinçiligi ýok halatynda, adam beýlekilere zyýan etmezlige çalyşmalydyr. Tibet ruhanysy şeýle hem dünýäni has abadan etmek üçin manyly ömür sürmäge tagalla etmäge we XXI asyry dialogyň asyryna öwürmäge çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir