Türkmenistanyň «Altyn asyr» ýa-da «Merw» futbol toparlarynyň ikiden biri AFK-nyň kubogynda toparçadan çykyp bilen bolsa, sebitara ýarym finalda Taýwana wekilçilik edýän toparyň garşydaşy boljak eken. Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary türkmenistanly garşydaşlarynyň ikisinden hem üstün çykyp, ýaryşyň bu tapgyrynda Taýwanyň «Taýçung Futuro» toparynyň garşydaşy boldy. Bije çekişlik täze ýylyň öňüsyrasynda AFK-nyň Malaýziýadaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew we topardaşlary sebitara ýarym final duşuşyklaryny öýde-myhmançylykda görnüşinde 6-njy ýa-da 7-nji we 13-nji ýa-da 14-nji mart günlerinde geçirerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir