2023-nji ýylda transfer bahasyny iň köp ýitiren futbolçylaryň atlary belli boldy. Report agentliginiň Transfermarkt portalynyň resmi Telegram kanalyna salgylanyp habar bermegine görä, birinji orunda Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” kluby üçin çykyş edýän Sadio Mane ýerleşýär. Şu ýyl senegally oýunçynyň bahasy 40 mln ýewro peseldi. Onuň häzirki bahasy 20 mln ýewro barabar. Ikinji orunda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyndan braziliýaly Antoni gelýär. Onuň bahasy 40 mln ýewro peseldi, häzirki bahasy 35 mln ýewro. Üçünji orunda onuň topardaşy Jeýdon Sanço ýerleşdi. Oýunçynyň bahasy şu ýyl 35 mln ýewro azaldy, häzirki bahasy bolsa 25 mln ýewro barabar. Sanawyň yzyny dowam etdirýär: 4. Uesli Fofano (“Çelsi”) – 32 mln ýewro (-33); 5. Mark Kukurelýa (“Çelsi”) – 25 mln ýewro (-30); 6. Žoau Kanselu (“Barselona”) – 40 mln ýewro (-30); 7. Neýmar (“Al-Hilýal”) – 45 mln ýewro (-30); 8. Meýson Maunt (“Mançester Ýunaýted”) – 45 mln ýewro (-30); 9. Nabil Fekir (“Betis”) – 12 mln ýewro (-28); 10. Robert Lewandowski (“Barselona”) – 20 mln ýewro (-25).

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir