Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) 2023-nji ýylyň klublarda işleýän baş tälimçileriniň arasyndan iň gowusyny atlandyrdy. IFFHS-iň resmi saýtyna salgylanyp, Report agentliginiň habar bermegine görä, bu ada Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň başynda duran Hosep Gwardiola mynasyp boldy. 52 ýaşly hünärmen 281 utuk gazanyp, öz bäsdeşlerinden öňe geçdi. Ispaniýanyň “Real” klubundan Karlo Ançelotti (56) ikinji, Italiýanyň çempiony “Napoliniň” öňki baş tälimçisi Luçano Spalletti üçünji boldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Hosep Gwardiola Angliýanyň Premýer-ligasynda, Angliýanyň Kubogynda, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Super kubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir