64 ýaşly italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Madridiň “Realy” bilen şertnamasyny 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli uzaltdy. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, championat.com belleýär. Bellenilişi ýaly, “Realyň” ýolbaşçylygy Ançelottiniň toparyň başyndaky işinden örän hoşal. Italiýaly hünärmen madridlilere iki gezek ýolbaşçy boldy. Ol “Realda” jemi bäş möwsüm geçirip, 10 titul gazandy: iki Çempionlar ligasy, iki Klublaýyn dünýä çempionaty, iki UEFA-nyň Super kubogy, bir La Liga, iki Ispaniýanyň kubogy we bir Super kubok. Ýatlap geçsek, Ançelotti Madridiň “Realyna” 2021-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçy boldy. Ol Madrid klubundaky işine “Ewertondan” gideninden soň gaýdyp geldi. Tälimçilik karýerasynyň dowamynda “Parmada”, “Ýuwentusda”, “Milanda”, “Çelside”, “PSŽ-de”, “Bawariýada”, we “Napolide” işledi. La liganyň 18 tapgyryndan soň “Real” 45 utuk bilen ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir