SMM bilen meşgullanýan Hopper HQ kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýä spotunyň ýyldyzlarynyň reýtingini hödürledi. Onuň lideri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ikinji orny “Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi eýeledi. Üçünji orunda hindistanly kriketçi Wirat Kohli ýerleşdi. Dördünji orunda “Al-Hilýalyň” hüjümçisi Neýmar bar, bäşinji orun bolsa “Los-Anjelesiň” oýunçysy Lebron Jeýmse degişli boldy. Häzirki möwsümde Ronaldu Saud Arabystanynyň çempionatynda 17 oýna gatnaşyp, 19 gol we dokuz netijeli geçirim bilen tapawutlandy. “Al-Nasr” indiki oýnuny 30-njy dekabrda “Al-Taawuna” garşy geçirer. Oýun Saud Arabystanynyň çempionatynyň çäklerinde geçiriler. Toparlar Aşgabat wagty bilen 23:00-da meýdança çykarlar. Oýun 2023-nji ýylda “Al-Nasr” üçin iň soňky bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir