Ýeňil agram derejesinde UFC-niň häzirki çempiony russiýaly Islam Mahaçew ESPN neşiriniň garaýşy boýunça 2023-nji ýylyň söweşijisi boldy. Bu barada abraýly neşiriň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär. 2023-nji ýylda Islam Mahaçew iki söweş geçirdi. 12-nji fewralda Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen UFC 284 ýaryşynda ol ýerli söweşiji Aleksandr Wolkanowski bilen duşuşdy. Bäş raund dowam eden söweşiň netijesinde Islam Mahaçew ýeňiş gazandy. 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynda Mahaçew Wolkanowski bilen rewanş geçirdi. Bu gezek Islam birinji raundda üstün çykdy. Islam Mahaçewiň garyşyk başa-baş söweşde professional rekordy 25-1. Häzirki wagtda russiýaly türgen agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň indiki söweşi heniz kesgitlenmedik.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir