“Inter Maýami” amerikan klubunyň oýunçysy Lionel Messi 2024-nji ýylda MLS-iň ýedi oýnuny sypdyrar. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Argentinanyň milli ýygyndysynyň tomusda Amerikanyň Kubogyna gatnaşýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ýaryş 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda geçiriler. MLS-iň tertibiniň FIFA bilen ylalaşylmandygy sebäpli iki ýaryşyň hem oýunlary bir wagtda geçer. 36 ýaşly hüjümçi öz toparyna “Filadelfiýa”, “Kolambus Krýu”, “Neşwill”, “Şarlott” we “Sinsinnati” ýaly garşydaşlar bilen duşuşyklarda kömek edip bilmez. Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň MLS möwsümi 21-nji fewralda başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir