Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Napoli» toparynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Afrika futbol konfederasiýasyna (CAF) görä, Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. «CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Marokkanyň Marrakeş şäherinde geçirildi. Osimhen 2023-nji ýylda «Napoli» toparyna 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Italiýanyň çempionlygyny gazanmaga kömek etdi. Şeýle hem bu baýraga «Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah we «Pari Sen-Žermenden» marokkoly Aşraf Hakimi dalaşgärlige hödürlenipdi. Marokkanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçysy Walid Regragi ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Hünärmen ilkinji gezek afrikan milli ýygyndysyny dünýä çempionatynda üçünji orun ugrundaky duşuşyga çenli alyp gitdi, şonda marokkolylar 1:2 hasabynda horwatlardan utuldylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir