Halkara futbol federasiýasy (FIFA) «Ýylyň iň gowy derwezebany» baýragyna üç dalaşgäri belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda bellenilýär. Finalçylaryň sanawyna marokkaly Ýassin Bunu, belgiýaly Tibo Kurtua we braziliýaly Ederson girdi. Bunu geçen möwsüm Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň düzüminde Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Kurtua 2022/23-nji möwsümde «Real Madrid» topary bilen Ispaniýanyň kubogynyň eýesi boldy. Angliýanyň «Mançester Siti» toparynda çykyş edýän Ederson Çempionlar ligasynda we UEFA Super kubogynda ýeňiji boldy. Ýeňijiniň ady 15-nji ýanwarda Londonda geçiriljek dabarada yglan ediler. Geçen möwsümde bu baýragy Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň «Aston Willa» toparynyň derwezebany Emiliano Martines aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir