Transfermarkt internet-portaly öz telegram-kanalynda futbol klublarynyň arasynda iň gymmat düzümleriň reýtingini ýerleşdirdi. Birinji orny Angliýanyň “Mançester Siti” kluby eýeledi – toparyň düzüminiň bahasy 1,29 mlrd ýewro barabar. Ikinji orny Londonyň “Arsenaly” eýeleýär – onuň düzümi 1,11 mlrd ýewro bilen bahalandyrylýar. Liderleriň üçlügini Madridiň “Realy” jemleýär. Klubuň düzüminiň bahasy 1,04 mlrd ýewro diýip, championat.com belleýär. Klublaryň arasynda iň gymmat düzümleriň ilkinji onlugy: “Mançester Siti” – 1,29 mlrd ýewro; “Arsenal” – 1,11 mlrd ýewro; “Real” – 1,04 mlrd ýewro; “PSŽ” – 1,04 mlrd ýewro; “Çelsi” – 984 mln ýewro; “Bawariýa” – 932 mln ýewro; “Liwerpul” – 867 mln ýewro; “Barselona” – 818 mln ýewro; “Mançester Ýunaýted” – 795 mln ýewro; “Tottenhem Hotspur” – 755 mln ýewro.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir