Beýik Britaniýanyň «The Guardian» neşiri «Mançester Siti» toparynyň we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holandy 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi. Ikinji orny Madridiň «Realynyň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingem, üçünji orny bolsa «Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappe eýeledi. Sanawda dördünji orny Harri Keýn (Angliýa, «Bawariýa»), bäşinji orny Rodri (Ispaniýa, «Mançester Siti»), altynjy orny Winisius Žunior (Braziliýa, «Real Madrid»), ýedinji orny Mohamed Salah (Müsür, «Liwerpul»), sekizinji orny Kewin De Bruýne (Belgiýa, «Mançester Siti»), dokuzynjy orny Wiktor Osimhen (Nigeriýa, «Napoli»), onunjy orny bolsa Lionel Messi (Argentina, «Inter Maýami») eýeledi. 22-nji dekabrda «Mançester Siti» 2023-nji ýyldaky klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda «Fluminenseni» ýeňdi. Şeýlelikde, şäherliler bu ýaryşdaky ilkinji çempionlygyny gazandylar. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Pep Gwardiolanyň topary 10-njy iýunda Stambulda geçirilen final oýnunda Milanyň «Inter» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, Çempionlar ligasynda ilkinji gezek ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir