Italiýanyň Seria B çempionatynda çykyş edýän «Komo» futbol kluby resmi web sahypasynda ispaniýaly Sesk Fabregasyň baş tälimçiniň borçlaryny ýerine ýetiriji wezipesinden aýrylýandygyny, onuň ornuna uelsli Osian Robertsiň bellenendigini habar berdi. «Komo» Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky bäş oýunda dört ýeňiş gazandy. Habar berilmegine görä, Roberts 2023/24-nji möwsümiň ahyryna çenli wagtlaýyn tälimçi wezipesine bellenildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda işe başlar. Fabregasyň wezipeden aýrylmagy onuň baş tälimçilik hakynda ygtyýarnamasynyň ýokdugy bilen baglanyşyklydyr. Oňa eýe bolan badyna hünärmen ýene-de topara ýolbaşçylyk eder. Fabregas 36 ýaşynda we 2023-nji ýylyň iýulynda futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlady. Ýarym goragçynyň soňky kluby «Komo» boldy, şeýle hem ol Angliýanyň «Arsenal», «Çelsi», Ispaniýanyň «Barselona», «Monako» klublarynda çykyş etdi, Angliýanyň we Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, bu ýurtlaryň Kuboklaryny gazandy hem-de Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony we iki gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir