Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» toparynyň futbolçysy Lionel Messi ispaniýaly tennisçi Rafael Nadala Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geýen köýnekçesini sowgat berdi. Nadalyň akademiýasynyň «X» sosial ulgamynda ýazan hatynda: «Dünýä çempionatynda ýeňiji bolanyndan bir ýyl soň, Leo Messi Rafael Nadala bu ýörite köýnekçäni sowgat berdi, ol eýýäm muzeýimizde sergilenýär» diýlip bellenilýär. 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalynda Argentina Fransiýany ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda toparlar hersi bir pökgi geçirdiler we penalti urgulary tapgyrynda Argentinanyň milli ýygyndysy has güýçli geldi – 4:2. Messi iki pökgä adyny ýazdyrdy we 11 metrlik urgular tapgyrynda bir gol saldy. 37 ýaşyndaky Nadal «Uly tuwulganyň» 22 gezek, «Rolan Garros» ýaryşynyň bolsa rekord derejede 14 gezek ýeňijisidir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir