UFC-niň prezidenti Dana Uaýt sosial ulgamlarda promouşeniň ýubileý ýaryşy UFC 300-üň çäginde geçiriljek üç söweşi yglan etdi. Bu sport çäresi geljek ýylyň aprel aýynda geçiriler diýip, championat.com belleýär. Uaýtyň habar bermegine görä, ýarym agyr diwizionda liganyň öňki çempiony Irži Prohazki (Çehiýa) Awstriýanyň wekili Aleksandar Rakiç bilen söweşer. Iň ýeňil agram derejesinde promouşeniň öňki çempiony Aljameýn Sterling (ABŞ) ýarym ýeňil agramyň söweşijisi Kelwin Kattar (ABŞ) bilen duşuşar. Orta agramda çykyş edýän amerikaly Bo Nikal bolsa watandaşy Kodi Brandeýj bilen söweşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir