Angliýanyň “Mançester Siti” kluby futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda Braziliýanyň “Fluminense” toparyny 4:0 hasabynda utdy. Report agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyk Saud Arabystanynda geçirildi. Oýnuň 40-njy sekuntynda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Hulian Alwares gol geçirdi we bu klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň çalt gol boldy. “Fluminenseniň” goragçysy Nino 27-nji minutda topy öz derwezesine girizdi. 72-nji minutda ýarym goragçy Fil Foden “Mançester Sitiniň” hasabyna ýene bir gol goşdy, 88-nji minutda bolsa Alwares oýunda gutarnykly hasaby goýdy. Üçünji orun üçin oýunda Müsüriň “Al-Ahli” topary Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” klubuny 4:2 hasabynda utdy. “Mançester Siti” Klublaýyn dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiş gazanýar. Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi ispan “Realydyr”, onuň hasabynda bäş titul bar. Iňlis toparlaryndan öň “Mançester Ýunaýted” (2008), “Liwerpul” (2019) we “Çelsi” (2021) ýeňiji bolupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir