Russiýaly Dmitriý Biwol 79,38 kilograma çenli agram derejesinde Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) wersiýasyna görä dünýäniň super çempiony diýen adyny gorady we abraýly wersiýalara goşulmaýan Halkara boks guramasynyň (IBO) dünýä çempionynyň guşagyny aldy. Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundly duşuşykda ol biragyzdan gelnen karar bilen britaniýaly Lindon Artury ýeňdi. Eminleriň üçüsi-de ähli raundda ýeňiş gazanan diýip hasaplap, ýeňşi Biwola berdiler - 120:107, 120:107, 120:107.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir